Aşgabatda Türkmenistanyň welosipedçileriniň we Abu-Dabiniň toparynyň bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşygy başlandy
04 Awgust 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň welosipedçileriniň we Abu-Dabiniň toparynyň bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşygy başlandy

Aşgabatda Abu-Dabiniň welosiped toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Çäre ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde makullanan meýilnamalara laýyklykda guralyp, 4-20-nji awgust aralygynda dowam eder.

BAE-den gelen wekiliýet 28 adamdan ybarat bolup, onuň düzüminde toparyň ýolbaşçylary, tälimçiler topary, tehniki hünärmen we 24 türgen bar. Myhmanlar paýtagtyň «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdirilip, Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda, şeýle hem şäheriň awtomobil ýollarynda türgenleşikleri geçirýärler.

Türgenleriň şosse türgenleşikleri Atatürk, Arçabil, Köpetdag şaýollarynda hem-de Gökdere jülgesiniň gözel künjeginde guralýar. Ýygnanyşygyň maksatnamasyna 60 kilometrden 150 kilometre çenli dürli uzaklykdaky aralyklar girýär. Türgenleşikleriň dowamynda welosipedçiler jemi 1270 kilometre golaý ýol geçerler.

Ýöriteleşdirilen welotrekde alty türgenleşik sapagyny we üç okuw-usulyýet seminaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işler ýol hereketiniň howpsuzlygyny we lukmançylyk üpjünçiligini guramak üçin degişli döwlet edaralary bilen utgaşykly amala aşyrylýar.

Abu-Dabiniň welosiped toparynyň we Türkmenistanyň welosiped sporty federasiýasynyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygy 2023-nji ýyldan bäri yzygiderli häsiýetde dowam etdirilýär. Ol halkara ýaryşlara özara gatnaşmagy hem öz içine alýar. Häzirki ýygnanyşyga baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň we onuň kömekçisi Igor Ýoldaşewiň ýolbaşçylygynda 15 türkmen welosipedçisi gatnaşýar.

Aşgabatda geçirilýän bilelikdäki taýýarlyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň ýygyndysy trek welosiped ýaryşlary boýunça 28-30-njy awgust aralygynda geçiriljek Aziýanyň Kubogyna gatnaşmak üçin Taýlanda gider. Milli topar üçin möwsümiň esasy ýaryşy bolsa Ýaponiýada geçiriljek Aziýa oýunlarydyr.