Türkmen wekiliýeti Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk merkezinde boldy
05 Awgust 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk merkezinde boldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäginde Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk merkezine bardy. Saparyň maksady bu ýerde geçiriljek halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň dowamynda wekiliýet agzalary merkeziň ýolbaşçylary we atçylyk sporty boýunça ýerli hünärmenler bilen duşuşyk geçirdiler. Taraplar çäräniň maksatnamasyny taýýarlamak, gatnaşyjylary we myhmanlary ýerleşdirmek, şeýle hem sport, medeni çäreleri we sergileri ýokary derejede guramak bilen bagly degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti açyk we ýapyk sport desgalarynyň hem-de türgenleşik meýdançalarynyň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşdy.

Duşuşykda «Peelbergen» merkezinde degişli hünärmenleri taýýarlamak, tejribe alyşmak we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem wekiliýet milli önüm öndürijileriň türkmen harytlarynyň sergisi üçin niýetlenen ýerleri gözden geçirdi.

Bu uly göwrümli halkara çäre ahalteke atlaryny dünýäde wagyz etmek, medeni gatnaşyklary berkitmek we atly sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä götermek üçin möhüm meýdança bolar.