Türkmenistan bilen Kuweýt hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar
06 Awgust 2026
Türkmenistan bilen Kuweýt hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar

Duşenbede ilçi Aýmyrat Goçmyradow Kuweýt Döwletiniň ilçisi Muhammad Raşid Al-Amirinbilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň iki döwletiň Baştutanlarynyň hemişelik ünsi we goldawy netijesinde yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler.

Şeýle hem, Duşenbe şäherinde Kuweýt Döwletiniň Ilçihanasynyň ýaňy-ýakynda açylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Taraplar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Türkmen tarapy söhbetdeşini 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda myhmana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby gowşuryldy. Kuweýt Döwletiniň ilçisi bu gymmatly sowgada ýokary baha berip, türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.