Minskde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
06 Awgust 2026
Minskde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

6-njy awgustda Minskde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň Özbegistan Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Nuriddin Mamajonow bilen duşuşygy boldy.

Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Nuriddin Mamajonow Daşkendiň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmen tarapy özbek kärdeşini 2026-njy ýylyň esasy milli başlangyçlary hem-de 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdyrdy.

Özbegistanyň ilçisi Daşkendiň Aşgabat bilen köpugurly gepleşikleri giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.