Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny ýollady
12 Awgust 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag hatyny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berildi.

Döwlet baştutanymyz öz gutlagynda her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän bu günüň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi bilen baglanyşyklydygyny belledi. Gojaman Hazaryň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde tanalýandygyny aýdyp, onuň baý biologik köpdürlüligi hem-de geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyna ünsi çekdi. Gutlag hatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen taryhy çäreleriň ähmiýeti hem aýratyn bellenip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap mümkinçilikleri arkaly ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda wajyp ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülendigini belledi. Şeýlede, häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän ekologik üýtgeşmeler sebäpli, Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzyň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjy bu täsin baýlygy geljek nesiller üçin aýawly saklamaga gönükdirilendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlagynyň ahyrynda ylmy-amaly maslahatyň işine uly üstünlikler, gatnaşyjylara bolsa berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.