Türkmenistan we Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň mejlisine taýýarlyk görýär
26 Awgust 2026
Türkmenistan we Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň mejlisine taýýarlyk görýär

2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparlarynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gaz-himiýa senagaty, ulag, sirkulýar ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparlaryň bilelikdäki mejlisiniň işiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlyk meseleleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy.