29-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hasaplanýan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Ir bilen Gahryman Arkadag 30 müň adama niýetlenen metjidiň toplumynda gurulýan muzeýe bardy. Ol binanyň daşky keşbini hem-de bezegini synlap, içki we daşky bezeg işlerine, şeýle-de ýanaşyk ýerleriň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Milli Lider muzeýiň içinde sanly görkeziş ulgamy bilen tanyşdy: muzeý gymmatlyklary 3D monitorlarda animasion wideoşekiller arkaly görkezilýär, emeli aň tehnologiýaly monitorda bolsa ahalteke bedewleri şekillendirilen halylaryň suratlary türkmen, iňlis we rus dillerindäki jikme-jik maglumatlar bilen görkezilýär.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe bellikleri aýdyp, ýaşlaryň pikirlerini has giňden hasaba almagyň maksadalaýykdygyny belledi.
Soňra Milli Lidere şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde gurulýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdebiň eskiz taslamalary we çyzgylary görkezildi. D.Orazow degişli işleriň barşy barada maglumat berdi. Gahryman Arkadag çagalar bagynyň we mekdebiň binalaryny milli aýratynlyklary nazara alyp bezemegiň zerurdygyny belledi hem-de birnäçe düzediş girizdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerdäki atçylyk sport oýunlary binasyna aýlandy. Şol ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Wise-premýer toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy hem-de ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadag atşynaslaryň teklipleri esasynda ippodromyň çapuw ýodasy döwrebaplaşdyrylanda, onuň örtüginiň ýerli toprakdan ýerine ýetirilmelidigini belledi. Ol sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagyň, toplumyň muzeýini, dolandyryş binasynyň germewlerini we kölegeliklerini hilli döwrebaplaşdyrmagyň, şeýle-de Aba Annaýew obasynda ýaşaýan atşynaslaryň durmuş şertlerini gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, halka görnüşli meýdançanyň gök zolagynyň merkezi böleginiň bezeg elementleri yşyklandyryş arkaly döwrebaplaşdyrylmaly, toplumyň gijeki keşbi bolsa dürli yşyklandyryş serişdeleri bilen ýagtylandyrylmaly.
Soňra Milli Lider atçylyk sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, özüniň ýetişdiren Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy we oňa atlanyp, birsellem gezim etdi.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesinde Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunda «Taýçanak» binasyndan «Polatly» binasyna çenli ýoluň gurluşygynyň eskiz taslamalary bilen tanyşdy. D.Orazow işleriň barşy, şeýle-de ulanylmagy meýilleşdirilýän gurluşyk we bezeg serişdeleri barada hasabat berdi. Milli Lider ýol işleriniň depginini peseltmezligiň, olaryň ýokary hilini üpjün etmäge jogapkärli çemeleşmegiň, şeýle-de ýoluň ugrundaky gök zolaklary abadanlaşdyrmagyň we at heýkellerini hilli oturtmagyň wajypdygyny belledi.