«Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 8-nji sany okyjylara ýetirildi. Neşir ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty, bilim, ylym, innowasiýalar, halkara hyzmatdaşlyk, ekologiýa başlangyçlary we jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly möhüm hem-de derwaýys maglumatlary özünde jemleýär.
Elektron žurnalyň täze sany 2026-njy ýylyň möhüm wakalarynyň öňüsyrasynda taýýarlanyldy. Neşirde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk, şeýle-de Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisi bilen bagly meselelere aýratyn orun berilýär. Žurnalyň esasy ugurlarynyň biri ýurdumyzyň ýaşlar syýasatydyr. Neşiriň sahypalarynda ýaş nesliň Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny giňden açylyp görkezilýär.
Halkara tematikasy Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ynsanperwer we ýaşlar ugurlaryndaky gatnaşyklarynyň giňeldilmegine bagyşlanan materiallar arkaly beýan edilýär. Okyjylar Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen Türkmen-özbek ýaşlar forumy baradaky maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Şeýle-de, Şahrisabz şäherinde geçirilen V Halkara ekologiýa gurultaýyna aýratyn makalalar bagyşlanyp, onda daşky gurşawyň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilýär. Neşiriň ýene bir halkara sahypasynda türkmen wekiliýetiniň Türkiýede geçirilen «Konya Bilim Festivali – 2026» atly halkara çärä gatnaşandygy barada gürrüň berilýär.
Ýaşlar neşiriniň nobatdaky sanynda bilim meselesine hem aýratyn orun berilýär. Materiallar müňlerçe okuwçynyň we talybyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli taýýarlanypdyr. Bilim ulgamyna bagyşlanan bölümde çagalaryň we ýaşlaryň ösüşine gönükdirilen önümleriň, taslamalaryň we başlangyçlaryň giň toplumyny görkezen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy barada hem maglumat berilýär.