Türkmenistanda muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar
19 Sentýabr 2026
Türkmenistanda muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Muzeýleriň derejeleriniň sanawynyň hem-de Muzeýlere derejeleri bermegiň tertibiniň taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý mirasyny, şan-şöhratly taryhyny giňden wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.