Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady
22 Sentýabr 2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlagda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we durmuş ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň hem-de halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty, halkyň jebisligine daýanýan dolandyryş ýörelgesi we parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary ýurdumyzyň durnukly ösüşine berk esas döredýär. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynda kabul edilýän halkara resminamalaryň hem-de ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.

Hatda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň, täze ýaşaýyş toplumlarynyň we önümçilik desgalarynyň ulanmaga berilmeginiň, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilmeginiň döwlet ösüşiniň möhüm görkezijileridigi nygtaldy.

Şeýle-de Gutlagda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň hem-de Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözelllik bäsleşiginde türkmen bedewleriniň gazanan üstünlikleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynda täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.