Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
30 Sentýabr 2026
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy mirasydyr. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr.

«Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, bu şanly ýylyň dowamynda Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi.

«Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini we oňa assosiasiýanyň agzalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de geljekde-de ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryny okady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine, şeýle hem Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukmany Kaido Puuseppe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradowa, şeýle hem Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Sadykmuhammedowiç Berdimuhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Soňra hormatly atlara mynasyp bolan atşynaslar hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewreden çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu buýsançly wakanyň ýatdan çykmajak pursatlary galdyrandygyny aýtdy. Marian Weltewreden Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bu beýik hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra dabarada Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Berdimuhammedow çykyş edip, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň berilmeginiň öz durmuşynda buýsançly waka öwrülendigini aýtdy hem-de Şa serpaýy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly atlara mynasyp bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny ýene bir gezek gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň işi dowam etdi.