Türkmenistan we Gazagystan hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
09 Oktýabr 2026
Türkmenistan we Gazagystan hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

8-nj oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Gazagystan Respublikasynyň bu möhüm halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Biz Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüňize ýokary baha berýäris hem-de Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garaýarys – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, sebitara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine bagyşlanan möhüm çäräniň Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi hem-de bu ýokary derejedäki sammitiň üstünlikli geçirilmegi bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça durnukly we köpugurly hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň we beýleki halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny, öňe sürýän tekliplerini özara goldamagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň aprel aýynda Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi bolandygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we yzygiderli çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol energetika, ulag we logistika ýaly strategik taýdan wajyp ulgamlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklary berkitmekde medeniýet, ylym we bilim ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan hem-de ikitaraplaýyn dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasynda medeni alyşmalaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi