Türkmenistan we Ýewropa Bilim gaznasy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
13 Oktýabr 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bilim gaznasy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torstiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Ýokary derejeli myhman Türkmenistana DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda geçiriljek bäşinji mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda bilim we hünär taýýarlygy ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, amaly ugurly okuw mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de zähmet bazarynyň häzirki talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Gepleşiklerde ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmäge we Merkezi Aziýa ýurtlarynda hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen DARYA maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, şol sanda ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara tejribe alyşmagy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim we hünär taýýarlygy ugurlarynda, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.