Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen itşynaslary, türkmen alabaý itleriniň janköýerlerini we ähli türkmen halkyny gutlady.
Döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýynyň dünýäniň iň gadymy itleriniň biridigini, merdana halkymyzyň göz guwanjydygyny, genji-hazynasydygyny we milli mirasydygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözlerine görä, Türkmenistanda alabaýlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmekde we kämilleşdirmekde köp işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin zerur şertler bilen üpjün edildi. Hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleri guruldy.
Türkmenistanda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli bäsleşikler, şol sanda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda bäsleşik guralýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen itşynaslary tarapyndan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça köp işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geljekde hem itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berjekdigini belledi.
Gutlagda 2025-nji ýylyň dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde kabul edilen taryhy çözgüt hem ýatlanyldy: türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wakanyň türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklarynyň, baý medeni mirasynyň we gadymy itşynaslyk däpleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, adamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyzyň Ýer ýüzündäki tohum itleriň iň naýbaşylarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem aýdyň beýanyny tapýar.
Gutlagy jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow itşynaslary, türkmen alabaý itleriniň janköýerlerini we ähli türkmen halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi