Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Arkadag şäherine baryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşygyň ikinji tapgyrynyň işleri, täze desgalaryň şekil taslamalary we bezeg serişdeleri bilen tanyşdy.
Saparyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 30 müň adama niýetlenen «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, seýilgähde ýerleşdiriljek şekiller we Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedew heýkelleri boýunça görkezilen taslamalary synlap, olara degişli düzedişleri girizdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň, Niderlandlar Patyşalygynyň ösen tejribesini öwrenmegiň we Hasyl toýunda mynasyp wekilçilik etmegiň wajypdygyny belledi.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz şäherde gurluşygy dowam edýän kottejler toplumyna we köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna baryp, olardaky «akylly» öý ulgamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň hem-de ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hilini gözden geçirdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi