Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
31 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankara şäheriniň «Etimesgut» howa menziline bardy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Şeýle hem olar hormatly Prezidentimizi halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň berilmegi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň türki dünýäniň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine umumy döredijilikli kuwwaty pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi