Türkmenistanda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary giňeltmek işleri dowam etdirilýär
02 Noýabr 2026
Türkmenistanda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary giňeltmek işleri dowam etdirilýär

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we halkara parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu barada 31-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de golaýda amala aşyrylan daşary ýurt sapary barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Şeýle hem Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli wekiliýetiň Merkezi Aziýa döwletleriniň IV parlamentara forumyna gatnaşmak maksady bilen Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda bolandygy bellenildi. Saparyň çäklerinde Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň arasynda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmegiň we kanunçylyk işini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň döwlet ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini nygtady hem-de bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.