Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň liderleriniň emeli aňyň howpsuzlygy meseleleri boýunça duşuşygyna gatnaşar
06 Noýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň liderleriniň emeli aňyň howpsuzlygy meseleleri boýunça duşuşygyna gatnaşar

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uçary Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi