Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Gahryman Arkadagymyzy Türkiýe Respublikasynyň resmi adamlary ugratdylar.
Paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji mähirli garşyladylar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekili bilen gürrüňdeş boldy.
Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyran saparynyň iki doganlyk ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şeýle hem diplomat Milli Liderimiziň «COP31» maslahatynyň Liderler sammitinde beýan eden teklipleriniň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ähmiýetini nygtady hem-de Türkiýä şu gezekki saparyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Liderler sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň sammitiň belent münberinden öňe süren teklipleri bolsa ýurdumyzyň halkara dialogyň işjeň gatnaşyjysydygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi