Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürdi
12 Noýabr 2026
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürdi

Bişkek şäherinde 11–13-nji noýabr aralygynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirilýär. Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda guralan bu möhüm çärä Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine bagyşlanan duşuşykda gurluşyk, binagärlik, şähergurluşyk hem-de infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamlaryndaky bilelikdäki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu formatdaky köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we degişli pudaklaýyn edaralaryň arasynda yzygiderli tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda 2025-nji ýylyň noýabrynda Pekinde geçirilen ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen Pekin başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen tarapy geljekki hyzmatdaşlygyň birnäçe ileri tutulýan ugurlaryny teklip etdi. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň hilini ýokarlandyrmak, şäherleriň durnukly ösüşini üpjün etmek, sanly hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy-tehniki gatnaşyklary giňeltmek, hünärmenleri taýýarlamak we maýa goýum işewürligini ösdürmek ýaly meseleler bar.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hem durlup geçildi. Öňdebaryjy şähergurluşyk çözgütleriniň aýdyň mysaly hökmünde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheri görkezildi. Bu ýerde ornaşdyrylan sanly ulgamlaryň we toplumlaýyn infrastruktura çözgütleriniň sebit derejesinde tejribe alyşmak üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle-de ýer titremelerine durnukly gurluşyk, döwrebap şäherleri taslamak we jemgyýetçilik giňişliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda 2027–2028-nji ýyllarda gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäreler meýilnamasynyň hem-de 2026-njy ýyl üçin Bilelikdäki beýannamanyň taslamalaryna garaldy. Jemleýji çykyşlarda Türkmenistanyň özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmäge ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy.