Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geljek ýylda guraljak halkara forumlaryň meýilnamasyna garaldy hem-de söwda toplumynyň işine baha berlip, birnäçe guramaçylyk meseleleri çözüldi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Söwda-senagat edarasy hem-de degişli pudak edaralary tarapyndan 2027-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň taslamasy barada hasabat berdi.
Taýýarlanan meýilnama laýyklykda, geljek ýylyň dowamynda halkara derejeli çäreler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn sergileri, işewürlik duşuşyklaryny we pudaklaýyn maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde şeýle forumlaryň ähmiýetini nygtady we hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.
Şonuň bilen birlikde, mejlisde söwda ulgamynda ýol berlen kemçilikler üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe käýinç yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýüze çykarylan kemçilikler gysga möhletde düzedilmedik ýagdaýynda, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy barada duýduryş berdi.
Mejlisiň dowamynda kadrlar düzüminde hem degişli üýtgetmeler amala aşyryldy. Hususan-da, başga işe geçmegi sebäpli Nazar Agahanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä «Türkmenpagta» döwlet konserniniň öňki başlygy Dörtguly Süleýmanow bellenildi. Öz gezeginde, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine şol konserniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Aýmyrat Kürtow bellendi.
Täze bellenilen ýolbaşçylar bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk sözlerini aýdyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze wezipelere bellenilen ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.