Antaliýada Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa ugruna bagyşlanan halkara duşuşyk geçirildi
14 Noýabr 2026
Antaliýada Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa ugruna bagyşlanan halkara duşuşyk geçirildi

Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde 13-nji noýabrda Türkmenistanyň milli pawilýonynda möhüm halkara pikir alyşma guraldy. «Awazadan Antaliýa: howa hereketleriniň ilerledilişi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirilişi» atly bu ikinji tematiki sessiýa 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň degişli maslahatynda kabul edilen 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýollaryna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň giriş sözi bilen açylan duşuşyga deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Sessiýanyň dowamynda bu topardaky ýurtlaryň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak, degişli maliýeleşdirmäge we häzirki zaman tehnologiýalaryna elýeterliligi giňeltmek ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň esasy ünsi döwletleriň milli ileri tutýan wezipelerini durmuşa geçirmekdäki amaly tejribesine gönükdirildi. Butanyň, Gyrgyzystanyň, Boliwiýanyň, Botswananyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň wekilleri howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, durnukly ösüşi üpjün etmek we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.

Mundan başga-da, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) we Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen aýratyn pikir alyşmalarda bilelikdäki howa taslamalaryny taýýarlamak hem-de olara maliýe we tehnologik goldaw çekmek mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirmegiň we anyk başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin halkara guramalar bilen gatnaşyklary berkitmegiň zerurlygy bellenildi. COP31-iň çäklerinde guralan bu çäre Awazada başlanan ählumumy dialogyň dowamy bolmak bilen, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň bu döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmekdäki esasy gural hökmündäki ähmiýetini ýene bir gezek tassyklady.