Gahryman Arkadagymyz Awazada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Arkalaşykdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy
20 Noýabr 2026
Gahryman Arkadagymyz Awazada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Arkalaşykdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Sergeý Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi. GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we Arkalaşygyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň giňişliginde döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandyny belledi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň sözlerine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan yzygiderli ösýär, ykdysadyýet, ulag-logistika ugurlaryny goşmak bilen, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Sergeý Lebedew şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin döredilen şertler barada türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Geňeşiň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, mejlisiň gün tertibine birnäçe möhüm meseleleriň girizilendigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň Arkalaşygyň giňişliginde parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, mejlisiň gatnaşyjylary ykdysadyýet, energetika, infrastruktura, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşarlar. Mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi we anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Sergeý Lebedewe bilelikde alnyp barlan işler we mejlisi geçirmekde goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ilerlejekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşjakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.




Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi