Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen ulag we sanly tehnologiýalar ugrunda birnäçe ähtnamalara gol çekdiler
25 Noýabr 2026
Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen ulag we sanly tehnologiýalar ugrunda birnäçe ähtnamalara gol çekdiler

Aşgabatda açylan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen özara duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi.

Gepleşikleriň barşynda ulag düzümlerini we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikleri ýüze çykardylar we işewürlik teklipleri bilen tanyşdylar.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Dell Technologies Kazakhstan and Central Asia» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «Школа 21» ilatyň biliminiň hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýiller hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Canaan Creative Global Pte. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda häzirki zaman hasaplama tehnologiýalary we sanly infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «USS Denizcilik ve Lojistik Tic. ve San. Ltd. Şti.» kompaniýasynyň arasynda portlary ösdürmek, logistika, flotdan peýdalanmak we gämi abatlamak ugurlarynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «JS International Korea» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Şeýlelikde, Türkmenistanda geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sebitiň ösüşine täsirini ýetirýän möhüm strategik pudaklary döwrebaplaşdyrmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda zerur tagallalary edýändigini aýdyň görkezýär.