Aşgabatda Türkmenistan bilen Ermenistan ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
26 Noýabr 2026
Aşgabatda Türkmenistan bilen Ermenistan ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

25-nji noýabrda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça Teswirnama gol çekilip, onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin anyk ädimler kesgitlenildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň başlyklygyndaky ermeni wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygy açyp, Toparyň türkmen we ermeni taraplaryndan başlyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, munuň bolsa ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin berk binýat döredýändigini nygtadylar. Iki ýurduň syýasy ulgamda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda BMG-niň Biodürlülik baradaky konwensiýasynyň Taraplarynyň konferensiýasynyň çäklerinde Liderler sammitine gatnaşmak üçin Ermenistana amala aşyran iş saparynyň, şeýle hem Ermenistan Respubliksynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Gün tertibine hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, sport, ulag, şertnama-hukuk ulgamlary, saglygy goraýyş we ýokary tehnologiýalar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bitirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýratyn üns sebit arabaglanyşygyna gönükdirildi. Ermeni tarapy Aşgabatda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä, şeýle hem «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşdy. Gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesini işjeňleşdirmegi hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde emeli aňyň sebit döwletleri üçin açýan mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika pudagynda uglewodorod serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ünsi jemlediler.

Ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda ylmy-tehniki gazanylanlary we innowasiýalary alyşmagyň wajypdygy nygtaldy. Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek boýunça çäreler kesgitlenildi. Iki ýurduň sport federasiýalarynyň we guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi uludygy bellenildi. Ynsanperwer ulgamda özara Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we goramak babatda hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy.

Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary myhmansöýerlik hem-de bilelikde üstünlikli işlemek üçin döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdiler.