Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
26 Noýabr 2026
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda 25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mahri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar soňky ýyllarda strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalanyp, durnukly ösüş, parahatçylyk we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingiň netijeleri boýunça hem pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary, olaryň guramaçylyk meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş babatda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boldy. Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň, ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.