Türkmenistan bilen Hytaý söwdada, energetikada we ulagda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar
27 Noýabr 2026
Türkmenistan bilen Hytaý söwdada, energetikada we ulagda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar söwda-ykdysadyýet, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Mundan başga-da, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.