
10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly hormat bilen garşy aldylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Şeýle hem bu ýerde belent mertebeli myhmany garşylamagyň resmi dabarasy boldy we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.
Dabara Moskwa şäherine bir gün ozal gelen ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti hem gatnaşdy.
Dabara hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden özi üçin ýörite bellenilen kabulhana tarap ugrady.
Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşar.
Gepleşikleriň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem sebit hem-de halkara mowzuklary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek meseleleriniň tutuş toplumyny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegine garaşylýar.