Türkmenistan we Özbegistan üstaşyr ýük daşamalarynyň netijeliligini sanly ulgam arkaly ýokarlandyrarlar
17 Aprel 2026
Türkmenistan we Özbegistan üstaşyr ýük daşamalarynyň netijeliligini sanly ulgam arkaly ýokarlandyrarlar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistanyň Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda 15-nji aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Duşuşykda taraplar üstaşyr geçirilýän ýükleriň gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumat neşiri habar berdi.

Gepleşikleriň esasy mowzugy üstaşyr ýükleri resmileşdirmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmakdan ybarat boldy. Hususan-da, türkmen hünärmenleri goňşy döwletiň kagyzsyz gümrük ulgamyny ösdürmek, bitewi üstaşyr resminamasyny ornaşdyrmak we degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribesi bilen tanyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar sebitde ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we döwrebap sanly çözgütleri işe girizmek boýunça yzygiderli ädimleriň ädiljekdigi bellenildi.

Bu duşuşyk iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny we sebitdäki üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.