Türkmenistanyň ilçisi Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
17 Aprel 2026
Türkmenistanyň ilçisi Ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 16-njy aprelde geçirilen duşuşykda «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan taslamalary we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýylyň dekabr aýynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 16-njy mejlisini üstünlikli geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini görmek barada hem pikir alyşdylar.