«Ýüpek ýoly – 2023» rallisynyň netijeleri
17 Iýul
«Ýüpek ýoly – 2023» rallisynyň netijeleri

Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglary özünde jemleýän T2 ýaryşynda ýene-de Anton Melnikow öňe saýlandy. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjisi Merdan Toýlyýewiň ekipažy ikinji orny eýelese, Maksatmyrat Daňatarowyň dolandyran ulagy pellehana üçünji bolup geldi.

15-nji iýulda Moskwanyň merkezinde ýaryşyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň resmi böleginiň jemlenmegi bilen onuň kulminasiýasy gelip ýetdi. Ýeňijiler sahna çagyryldy.

Ýeri gelende bellesek, 9 günlük ýaryşyň umumy geçilmeli menzili 5228 kilometre barabar boldy. Ol Russiýa Federasiýasynyň 13 sebitinden geçdi.

Şeýlelikde, T2 görnüşinden umumy hasapda ikinji we üçünji orunlara eýe bolan türkmen ekipažlarynyň ikisi sylaglandy. «Nissan Patrol» awtoulagynda bäsleşen Merdan we Şöhrat Toýlyýewlerden ybarat bolan ekipaž ikinji orny eýeledi. Bu ekipaž pellehana ýeňiji bolan Anton Melnikowdan 2 sagat 13:23 minut soň geldi. Bellenen aralygy geçmek üçin ýeňijiniňkiden 2 sagat 34:15 minut kän wagt sarp eden Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowyň ekipažy üçünji orna mynasyp boldy.

Şeýle hem