«Toyota Sienna 2024-iň» tehniki aýratynlyklary mälim edildi
16 Mart
«Toyota Sienna 2024-iň» tehniki aýratynlyklary mälim edildi

«Toyota Sienna» täzelenen miniweni Hytaýyň bazaryna çykmaga taýýarlanýar. Şeýlelikde, kompaniýanyň remi wekili bu modeliň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi. Ulaga girizilen üýtgetmeler anykdygyna garamazdan, onuň dürli aýratynlyklaryna täsirini ýetirýär.

Rahatlyk — ikinji hatarda ornaşdyrylan täze «awiasiýa oturgyçlary» (görnüşi ýaly, diýseň amatly bolan «agyrlyk güýjüniň derejesi — 0» oturgyçlary hakda aýdýarys). Ozalkylary ýaly, «Sienna» kysymly awtoulagyň yzky hatardaky oturgyçlarynyň hem örän rahatdygyny bellemek gerek. Nobatdaky nusga bolsa has-da rahat hem ykjam bolar.

Media ulgamy bilen özara gatnaşykdaky tiz hereketi — bu «SoC Qualcomm Snapdragon 8155» ulgamy. Bir kristally ulgam täze däl, ýöne media toplumynyň tizligini we duýgurlygyny ýokarlandyrjak «Sienna» kysymly awtoulagyň Hytaý nusgasynyň media ulgamynda ilkinji gezek ulanylar. Onuň ekrany bolsa üýtgewsizligine galýar. Ekranyň diagonaly — öňki ýaly 12,3 dýuým.

Hereket aýratynlygy — dört tigiri hem hereketde. Ulagda «E-Four» ulgamy ornaşdyryldy. Güýç gurluşy hakynda aýdylanda bolsa «Sienna 2024» üçin bu ulgamyň ýeke-täk nusgasy taýýarlandy: 2,5 litrlik hereketlendiriji 189 at güýjüne barabar kuwwata eýelik edýär, öňki elektrik hereketlendirijisi bolsa 182 at güýji bilen tapawutlanýar. Yzky okundaky elektrik hereketlendirijisiniň güýji heniz belli däl.

Bu täzelikleriň hemmesiniň «Toyota Grevia» mikroa awtobusynda durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Munuň özi «Siena» kysymly awtoulagyň Hytaýdaky zawodlaryň beýleki birinde öndürilýän göçürmesidir.

Şeýle hem