1915-nji ýylyň seýrek duş gelýän Cyclone motosikli bu ulaglaryň nyrh rekordyny goýdy
05 Fewral
1915-nji ýylyň seýrek duş gelýän Cyclone motosikli bu ulaglaryň nyrh rekordyny goýdy

Las-Wegasda geçirilen auksion söwdasynda täze nyrh rekordy goýuldy: 1915-nji ýylda öndürilen Cyclone motosikli 1,32 million dollara satyldy. Bu açyk söwdalarda motosikl üçin tölenen iň ýokary baha boldy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Bu aýratyn gymmat baha modeliň örän seýrekligi we brendiň rowaýata öwrülen taryhy bilen düşündirilýär.

Joerns Motor kompaniýasy tarapyndan döredilen Cyclone kysymy bazarda diňe bäş ýyl - 1912-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli dowam etdi. Onuň ajaýyp tehniki häsiýetnamalaryna garamazdan, brend has elýeterli motosiklleri öndürýän kompaniýalar bilen bäsleşige çydap bilmändir we Excelcior Motor kompaniýasy tarapyndan satyn alnypdyr.

Cyclone öz gysga taryhynda diýseň çalt we ygtybarly motosikl hökmünde at-abraý gazanypdy. Bu ulaglar geçen asyryň başlarynda hem treklerde, şeýle hem daş düşelmedik ýollarda geçirilen meşhur ýaryşlara yzygiderli gatnaşypdyrlar. Täsin dinamiki häsiýetnamalary 45 at güýjüni öndürýän 1,0 litr göwrümli innowasion V-Twin hereketlendirijisi bilen üpjün edilipdir - bu 1910-njy ýyllar üçin ajaýyp görkezijidir. Motosikl 160 km/sagatdan gowrak tizlige çenli ýetip bilipdir, 1914-nji ýylda bolsa Cyclone motosikli bir mili bary-ýogy 35 sekunt geçip, Amerikanyň rekordy goýupdy.

Takmynan 300 nusga öndürilen Cyclone motosikllerinden şu güne çenli saklanyp galanlary 14 sanydan köp däldir. Bäsleşikli söwdalarda satyn alnan motosikl tanymal amerikan bilermeni Stiwen Raýtyň ýolbaşçylygynda asylky görnüşi ýaly şekilde doly dikeldilipdir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem