Volkswagen akkumulýator öndürmekde CATL bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar
24 Fewral 2025
Volkswagen akkumulýator öndürmekde CATL bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Germaniýanyň awtomobil ägirdi Volkswagen Hytaýyň öňdebaryjy akkumulýator öndürijisi CATL bilen hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Kompaniýalar akkumulýator tehnologiýalary babatynda ykdysady taýdan netijeli çözgütleri işläp düzmek maksady bilen, strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdylar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar birnäçe esasy ugurlar boýunça işläp başlarlar: bulara hereketlendiriji batareýalaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, ulanylan akkumulýatorlary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, energiýany üpjün etmegiň täze ulgamlaryny döretmek we çig mal üpjünçilik zynjyrlaryny optimizirlemek girýär.

Volkswagen kompaniýasynyň wekilleri täze batareýalaryň Hytaýda öndürilýän elektromobillere oturdyljakdygyny tassykladylar. Bu çözgüt geçen ýyl bazaryň umumy ösüşe eýedigine garamazdan, satuwlaryň 10% peselendigi bilen ýüzbe-ýüz bolan Germaniýanyň awtomobil öndürijisiniň Hytaý bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bellemeli zat, CATL kompaniýasy eýýäm Volkswageniň akkumulýator bilen üpjün edijisi bolup durýar, täze ylalaşyk bolsa ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»