Awtoulaglaryň ygtybarlylygyna adalatly baha bermek bilen uly abraýa eýe bolan «Consumer Reports» neşiri 2025-nji ýylyň iň gowy awtoulaglarynyň ýyllyk reýtingini mälim etdi. Bu neşir tarapyndan hödürlenýän täze awtoulaglaryň onlugynyň arasynda esasy bazar segmentleriniň wekilleri bar, şunda orunlaryň köpüsini Ýaponiýanyň awtoulag öndürijileriniň modelleri eýeleýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Kiçi krossowerleriň görnüşleriniň içinde birinji orny Subaru Crosstrek ulagy aldy, onuň «uly dogany» Forester bolsa islendik ýolda ýöreýän kiçi awtoulaglaryň sanawynyň öňbaşçysy boldy. Toyota RAV4 awtoulagynyň gibrid kysymy tygşytly SUV ulaglaryň arasynda öňdebaryjy hökmünde ykrar edildi, Toyota Highlander ulagynyň gibridi bolsa orta möçberli krossowerleriň kategoriýasynda ýeňiji boldy. Islendik ýolda ýöreýän kiçi awtoulaglaryň Premium görnüşindäki segmenti Lexus NX we BMW X5 modelleri bilen görkezilýär.
Dürli möçberli sedan ulaglaryň arasynda, bilermenleriň pikiriçe, Nissan Sentra we Toyota Camry aýratyn tapawutlanýar. Ýylyň iň gowy elektrik ulagy diýen ada Tesla Model Y ulagy mynasyp boldy, kiçi pikaplaryň kategoriýasynda bolsa Ford Maverick ulagy ýeňiji boldy.
«Consumer Reports» neşiriniň bilermenleriň sözlerine görä, reýting öz barlaglarynyň netijelerini her bir modeliň ygtybarlylygy baradaky maglumatlary we eýeleriň awtoulaglardan kanagatlanýandygy baradaky seslenmelerini öz içine alýan, toplumlaýyn baha bermegiň esasynda düzüldi. Sanawa girýän ähli modelleriň esasy toplumynda pyýadalary tanamak funksiýasy bilen awtomatiki gyssagly tormoz bermek ulgamynyň bolmagy awtoulagy saýlap almagyň möhüm kriteriýasy boldy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»