Kia 400 km aralygy geçip biljek PV5 kysymly elektrik awtoulaglaryny görkezişe çykarýar
01 Mart 2025
Kia 400 km aralygy geçip biljek PV5 kysymly elektrik awtoulaglaryny görkezişe çykarýar

Kia kompaniýasy resmi taýdan täze PV5 täjirçilik elektromobilleriň hatary bilen tanyşdyrdy. Täze awtoulaglar E-GMP platformasynyň uýgunlaşdyrylan wersiýasynda gurlup, öň tarapda ýerleşdirilýän elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylýar we sygymlylygy birnäçe görnüşde bolan akkumulýator batareýalary bilen hödürlenýär. Köp funksiýaly elektrikde işlejek furgon ulaglar ilki 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Günorta Koreýanyň içerki bazaryndaky söwda meýdançalarynda peýda bolar, awtoulaglary halkara giňişliginde ýerlemek bolsa indiki ýylyň dowamynda meýilleşdirilýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

PV5 maşgalasyna degişli awtoulaglaryň daşky keşbi baradaky maglumatlar ozal bölekleýin açylan bolsa-da, indi kompaniýa dürli täjirçilik maksatlary üçin niýetlenen ulagyň salonyny we olaryň kuzowynyň dürli konfigurasiýalaryny görkezdi. Täze modelleriň salony amatlylyga esaslanýan iň az derejedäki dizaýny bilen tapawutlanýar. Öndüriji aýratyn-da ýokary berklikdäki örtük materiallaryny, opsiýa enjamlarynyň giň sanawyny, funksional esbaplary we zat goýmak üçin köp sanly ýerleri göz öňünde tutupdyr.

Müşderilere hereketlendiriji batareýalaryň üç görnüşi: arzan täjirçilik görnüşleri üçin 43.3 kWt⋅sag. bolan esasy akkumulýator, şeýle hem bir zarýad edilende 400 kilometre çenli ýöremegi üpjün edýän 51.5 ýa-da 71.2 kWt⋅sag. möçberli ýokary sygymlylygy bolan batareýalar hödürlenýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»