Ýewropa Komissiýasy elektrik ulaglarynyň Ýewropa Birleşiginde meşhurlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlar toplumynyň üstünde iş alyp barýar.
Häzirki wagtda Ýewropa Komissiýasy awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, beýleki düzüm böleklerini üpjün ediji konsernler we awtoulag pudagyna dahylly bolan beýleki gatnaşyjylar bilen «strategiki gepleşikleri» geçirýär. Bu maslahatlaşmalary geçirmegiň esasy maksady — Ýewropanyň kompaniýalaryna önümçilik ugurlaryny goramak bilen bir hatarda, Amerikanyň we Hytaýyň öndürijileri bilen bäsdeşlik edip, önümçilik hatarlaryny elektrikleşdirmäge kömek etmekdir.
ÝB-ne agza bolan 27 ýurduň hemmesine täze satyn alyş subsidiýalaryny we maliýe taýdan goldaw bermek mehanizmlerini göz öňünde tutmak bilen, elektrik awtoulagynyň ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak üçin toplumlaýyn çäreler teklip etmek meýilleşdirilýär.
Ýewropanyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň (ACEA) berýän maglumatlaryna görä, elektrik ulaglarynyň ýaýramagyny haýalladýan esasy faktorlar zarýad beriş stansiýalarynyň ýoklugydyr, mundan başga-da elektrik ulagyny satyn alyjylar üçin höweslendiriş maksatnamalaryň duýdansyz bes edilmegi we bazarda saýlamak üçin elýeterli bahaly modelleriň çäkli bolmagydyr.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»