Dongfeng Peugeot Citroen bilelikdäki kärhanasy Hytaý bazary üçin düýbünden täze Hedmos diýen brend ady bilen satyljak täze krossoweriň ilkinji suratlaryny görkezdi. Bar bolan çaklamalara görä, birnäçe wagt mundan ozal sertifikatlaşdyrylan Dongfeng elektrik ulaglaryndan biri Hedmos kysymy hökmünde satylar — diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Neşire gelip gowşan maglumatlara görä, ilkinji Hedmos modeliniň bahasy 100-150 müň ýuana çenli aralykda bolar. Elektrik ulagy üçin deslapky sargytlar aprel aýynda kabul edilip başlanar. Elektrik ulagynyň satuwy Dongfeng Peugeot we Dongfeng Citroen dilerleriniň awtoulag dükanlary tarapyndan amala aşyrylar.
Täze Hedmos brendiniň satuwa çykarylmagy fransuz awtoulag kysymlarynyň satuwynyň azalmagyny göz öňünde tutup, bilelikdäki kärhananyň täzeden işe girizilmegi hökmünde görülýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»