Russiýa bilen Pakistanyň arasynda demir ýol ýük gatnawlaryny 2025-nji ýylyň martynda işe girizmeklik meýilleşdirilýär – diýip, Russiýanyň Ulag ministrligi Tähranda geçirilen III Hazar ykdysady forumyndan soň habar berdi.
Russiýa bilen Pakistanyň arasyndaky demir ýol gatnawlary Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çägi boýunça amala aşyrylar diýip çaklamak bolar, çünki häzirki wagtda demir ýol gatnawlaryny diňe şu ugurda amala aşyrmaga mümkinçilik bar.
Özbegistanyň we Owganystanyň çäginden geçýän demir ýol has gysga bolup bilerdi, emma bu Owganystanda demir ýoluny gurmaklygy talap edýär, onuň gurluşygyna bolsa henize çenli girişilmän gelinýär.
Russiýadan Pakistana demir ýol gatnawlary bilen ugrajak ilkinji ýükler oba hojalygynyň önümleri bolar, soňra bular däne hem-de senagat harytlary - polipropilen we polietilen ýaly önümleriň görnüşleri bilen giňeldiler. Pakistandan konteýnerlere haýsy harytlaryň we önümleriň ýüklenjekdigi entek belli däl.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»