1975-nji ýylyň seýrek Chevrolet Corvette C3 ulagy kim ýokary söwdasyna çykarylýar
09 Mart 2025
1975-nji ýylyň seýrek Chevrolet Corvette C3 ulagy kim ýokary söwdasyna çykarylýar

Bring a Trailer kim ýokary söwda platformasynda häzirki wagtda 1975-nji ýylda çykarylan Chevrolet Corvette C3 kysymly seýrek awtoulagy satuwa çykaryldy. Auksion söwdasynyň tamamlanmagyna alty gün galanda oňa edilen iň ýokary teklip 7,8 müň dollara ýetdi. Her niçikde bolsa, jemleýji baha ep-esli ýokary bolar diýlip garaşylýar, sebäbi bu seýrek ulag özboluşly dizaýna eýe we onuň diňe ýekeje nusgasy bar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Corvette ulagynyň üçünji nesli bu modeliň taryhynda iň uzak ömür süren ulag boldy – ol 1967-nji ýyldan tä 1982-nji ýyla çenli çykaryldy. 1975-nji ýylda bu üýtgeşik awtoulagy çykarmagy şol döwürdäki dünýäniň Corvette kysymlarynyň iň uly dileri Frank Miln sargyt edipdir.

Tehniki taýdan bu nusga 5,7 litrlik V8 hereketlendirijisine eýe bolup, ol üç tizlikli awtomatiki geçirijili adaty C3 Corvette ulagydyr. Bu awtoulagyň geçen ýoly 72,4 müň kilometre barabar. Satuwa çykarylmazdan ozal onuň karbýuratory düýpli abatlandy we oňa doly tehniki hyzmat edilip, ähli suwuklyklary çalşyldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»