Kobahidze: Gruziýa Hazarüsti halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär
13 Mart 2025
Kobahidze: Gruziýa Hazarüsti halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär

Gruziýa Hazarüsti halkara ulag ugrunyň (HHUU, Orta geçelge) ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Gruziýanyň hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, Report neşiriniň habar berşi ýaly, Gruziýanyň premýer-ministri Irakli Kobahidze Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen bolan duşuşygynda bu barada pikirini beýan etdi.

«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmeklige uly gyzyklanma bildirýäris. Şunda maýa goýum işlerini amala aşyrmaklyga hem giň mümkinçilikler döräp biler» - diýip, Irakli Kobahidze nygtady.

Onuň sözlerine görä, Gruziýa strategiki taýdan amatly ýerleşýär we taryhda Ýewropa bilen Aziýany, Günbatar bilen Gündogary baglanyşdyrypdy: «Biz bu strategiki amatly ýerleşýändigimizden has netijeli peýdalanmak isleýäris we bu ugurda Gruziýa bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk örän netijeli we peýdaly bolup biler».

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»