Hususy ýolagçy gatnatmak hyzmaty hususy telekeçiler üçin rugsat edilýän işleriň sanawyna hemişelik girizildi. Munuň üçin taksi sürüjileri her ýyl ygtyýarnama alyp, şeýle hem lukmançylyk barlagyndan we awtoulagynyň tehniki gözegçiliginden geçmeli bolarlar – diýip, «Podrobno.uz» neşirinde bu barada habar berilýär.
Bu baradaky karara Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 27-nji fewralda gol çekdi. Bu resminama, beýleki zatlar bilen bir hatarda, özbaşdak işleýän hususy telekeçilere ýeňil ulaglar bilen ýolagçy gatnawy bilen hemişelik meşgullanmaga mümkinçilik berýär.
Ygtyýarnama kartoçkasy bir ýyl möhlet bilen berler. Onda onuň hereket ediş möhleti, işiň alnyp barylýan çäkleri, ygtyýarnamanyň eýesi we ulag serişdesi barada maglumatlar bolar. Onuň berilmegi üçin hususy telekeçiler 1 BRW (375 müň sum) barabar Döwlet pajyny tölemeli bolarlar.
Şeýle hem özbaşdak işleýän hususy telekeçiler — taksi sürüjileri awtoulagyň ýokarysyna «Taksi» ýazgyly çyra oturtmaly bolarlar. Ulagy hasaplaýjy (taksometr), rasiýa ýa-da kassa enjamlary bilen enjamlaşdyrmagyň zerurlygy bolmaz.
Eger raýatlar zähmet şertnamasynyň esasynda işiň beýleki ugurlarynda işleýän bolsalar, özbaşdak işleýän hususy telekeçiler hökmünde hasaba alnandan soňra ulagly hyzmat etmek bilen hem meşgullanyp bilerler.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri özbaşdak işleýän hususy telekeçileriň wagtlaýyn rugsatnamanyň esasynda hususy ulag bilen hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik alypdylar. Indi bu kanun hemişelik esasda güýje girýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»