2026-njy ýyldan başlap, Gazagystanyň ýollarynda agramy rugsat edilýän standartlardan ýokary bolan ýüküni özi agdarýan awtoulaglaryň hereket etmegi düýbünden gadagan ediler. Mundan başga-da, dükanlara we kärhanalara şeýle ulaglar bilen getirilýän harytlary kabul etmek gadagan ediler. Düzgünleriň bozulmagy jerime we beýleki sanksiýalara, şol sanda ýerasty baýlyklar boýunça şertnamalaryň ýatyrylmagyna çenli sebäp bolar – diýip, inbusiness.kz neşiri habar berýär.
Bu üýtgetmeler «Gazagystan Respublikasynyň awtomobil ulaglary bilen ýolagçylary gatnatmak meselesi boýunça käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek» hakynda kanun taslamasynda göz öňünde tutulandyr. Ulag ministrligi şeýle ulaglary ulanmagy gadagan etmegiň eýýäm girizilendigini we indi bu düzgüni bozandygy üçin jeza çäreleriniň görülýändigini ýatlatdy.
Kanunyň täze redaksiýasyna görä, 2026-njy ýyldan başlap jemgyýetçilik tarapyndan ulanylýan ýollarda we ilatly ýerleriň köçelerinde rugsat edilýän agramdan ýokary awtomobil ulaglarynyň hereket etmegi gadagan ediler. Ýüküni özi agdarýan awtoulag «öz-özi düşürmek üçin mehaniki taýdan ýokary galdyrylýan kuzow bilen enjamlaşdyrylan awtoulag» diýlip kesgitlenýär. Bu gadaganlyk 2023-nji ýylda girizilipdi, ýöne kärhanalara uýgunlaşmak üçin üç ýyllyk geçiş döwri göz öňünde tutulypdy.
Kanunyň 38-2-nji maddasyna laýyklykda, ýük awtoulaglarynda rugsat edilýän agramdan ýokary ýükleri daşamak gadagandyr. Şeýle hem «Awtomobil ulagy hakynda» täzelenen Kanuna laýyklykda ýük daşaýjylaryň şeýle ulaglara ýük ýüklemäge hukuklary ýokdur. Bu düzgüniň bozulmagy administratiw jogapkärçiligine we jerime tölenmegine getirip biler.
Ministrlik täze gözegçilik ulgamynyň işe girizilmegi agyr awtoulaglaryň hereket etmekleri sebäpli ýollara zeper ýetmeginiň öňüni aljakdygyny nygtaýar. Indi diňe ýük gatnadyjylar däl-de, eýsem ýük daşaýjylar, iberijiler we logistika işlerine dahylly bolan beýleki şahslar hem düzgün bozmalar üçin jogapkärçilik çekerler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»