Kabulyň Argandi etrapçasynda umumy bahasy 1,285 milliard afgani bolan (takmynan 180 million dollar) ulag terminalynyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmeklige badalga berildi. bu barada TOLOnews habar berýär.
Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abdul Gani Baradar desganyň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda ýurduň ykdysady ösüşine we döwletiň gülläp ösmegine itergi bermekde standartlaşdyrylan ulag infrastrukturasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Ulag we raýat howa ýollary ministrliginiň baştutany Hamidulla Ahundzadanyň sözlerine görä, ulag terminalynyň gurluşygy 914 jerib (takmynan 9,1 gektar) meýdanda alnyp barlar we ol iki ýylyň dowamynda gurlar. Argandi Kabul terminaly jemgyýetçilik, şeýle hem hususy ulaglar üçin häzirki zaman merkezi bolup hyzmat eder.
Habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, bir ýyl ozal Owganystanyň şäher gurluşyk we ýaşaýyş jaý ministrligi ýurduň ulag ulgamyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilen dört ulag terminalynyň taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany ýurduň Ulag ministrligine geçirendigini mälim edipdi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»