Nissan kompaniýasy 2028-nji maliýe ýylyna (2029-njy ýylyň baharyna) çenli dürli dünýä bazarlary üçin niýetlenen awtoulag kysymlarynyň görnüşini ösdürmegiň strategiýasyny beýan edýän tanyşdyryş çäresini geçirdi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň esasy wakalarynyň biri 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijisi bolan e-Power gibrid ulgamynyň täze nesliniň görkezişe çykarylmagy boldy.
ABŞ we Kanada üçin 2025-nji maliýe ýylynda 10-dan gowrak täze we täzelenen kysymlaryň çykarylmagy meýilleşdirilýär, şol sanda bulara: täze Nissan Leaf, täzelenen Sentra sedany, zarýad berilýän gibrid, ýagny garyşyk hereketlendirijili Nissan Rogue (X-Trail) awtoulagyny, täzelenen üç hatarly Infiniti QX60 krossowerini we Infiniti QX80 SUV üçin täze sport toplumly awtoulagyny goşmak bolar.
Ýewropa bölüminiň meýilnamalarynda Micra EV elektrik awtoulagy, Nissan Juke ulagynyň elektrik görnüşi we e-Power ulgamy bolan Qashqai kysymy bar.
2027-nji maliýe ýylynyň ahyrynda Kantondaky (ABŞ) awtoulag zawodynda täze elektrik ulagyny öndürip başlamak meýilleşdirilýär. 2028-nji maliýe ýylynda Vision QXe konseptine esaslanýan Infiniti elektrik krossoweriniň çykarylmagyna garaşylýar.
Kompaniýa tehnologiki meýilleri we dürli sebit bazarlarynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, awtoulag kysymlarynyň ösdürmeklige toplumlaýyn çemeleşýändigini görkezýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»