Russiýanyň awtoulagly ýük daşama bazary deňagramlylygy gözleýär
05 Aprel 2025
Russiýanyň awtoulagly ýük daşama bazary deňagramlylygy gözleýär

Russiýanyň awtoulagly ýük daşama bazary islegiň we teklibiň deňagramlylygyna golaýlaşýar. Munuň şeýledigini 2025-nji ýylyň 24-nji martynda -14 çenli ýokarlanan «Atraksyň» indikatory görkezýär. Iň gowy görkeziji – noldyr: şu ýagdaýda bazar deňagramlylykda saklanýar.

«Atraks» indikatory üç aýyň dowamynda, ýagny 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri, minus görkezijileri görkezýär. Iň pes görkeziji fewral aýynda rekord derejede -77-ä düşdi. «Atraks» diňe 2020-nji ýylyň maý aýynda (-73) şeýle pes derejä düşüpdi.

Indikator hasaplanmaga başlan 2017-nji ýyldan bäri, ulaglaryň artykmaçlyk döwürleri bir çärýekden uzak dowam etmedi. Şeýle ýagdaý 2020, 2022 we 2024-nji ýyllarda bolupdy.

– Ýük daşamalary – bu diňe isleg bilen teklibiň deňagramlylygy bilen düzgünleşdirilýän bazardyr. Häzirki ýagdaýa baglylykda, oňa täzeden bu deňagramlylygy tapmak üçin biraz wagt zerur bolup durýar – diýip, Swýatoslaw Wilde ozal «Logirus» neşirine beýan edipdi. – Ýük bazasy azaldy, ýöne ol nyrh täsirini döretjek derejede däl. Şonuň üçin, ýük daşaýjylaryň bir bölegi bazardan çykan badyna, ol dikeler.

«Atraks» indikatory ýük eýeleriniň ýük teklipleri bilen ýük daşaýjylaryň boş ulaglarynyň arasyndaky deňagramlylygy görkezýär. Görkeziji 230-dan gowrak iň iri ýük eýelerinden we 10 müňden gowrak ulag kompaniýasyndan alnan maglumatlaryň esasynda hasaplanylýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»