Hytaýda dünýäde iň beýik awtoulag köprüsini gurdular
09 Aprel 2025
Hytaýda täze awtoulag köprüsiniň gurluşygy tamamlandy, ol dünýäde iň beýik awtoulag köprüsi diýen ada dalaşgärlik edýär. Köpri deňiz derejesinden 625 metr belentlige ýetip, uzynlygy 3 kilometre golaý diýip, «MIR 24» habar berdi.
Köpri Beýpan derýasynyň üstündäki uly Huaszýan kanýonyny (derýa suwunyň emele getiren hanasyny) kesip geçýär. Indi onuň beýleki tarapyna geçmek üçin bary-ýogy bir minut ýeterlik.
Köprüniň açylyşy iýun aýynda meýilleşdirilýär.
şeýle hem okaň: