Rolls-Royce öz awtoulaglarynda ulanylýan materiallardan küşt tagtasyny döretdi
21 Aprel 2025
Rolls-Royce öz awtoulaglarynda ulanylýan materiallardan küşt tagtasyny döretdi

Britaniýanyň kaşaň awtomobilleri öndüriji Rolls-Royce küşt tagtalary we onuň mallaryny öz içine alýan Chess Set atly küşt toplumyny görkezişe çykardy. Bu toplumyň dizaýnyny we bezelişini işläp düzmek bir ýyla golaý wagt aldy. Önümiň aýratynlygy onuň ähli düzüm bölekleriniň brend awtomobillerini döretmekde ulanylýan şol bir ýokary hilli materiallardan elde taýýarlanandygydyr – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Chess Set küşt toplumyny döredijiler kaşaň Rolls-Royce awtomobilleriniň ýolagçylarynyň başdan geçirýän täsirlerine meňzeş duýgulary gaýtadan döretmäge çalyşdylar. Küşt tagtasynyň içine gurlan gutular edil kaşaň awtomobilleriň gapylary ýaly ýumşaklyk bilen açylýar, küşt mallaryna eliňi degreniňde bolsa awtoulagyň içindäki metal sazlaýjy düwmelere galtaşmagy ýada salýar. Toplumy şahsy görnüşe getirmek isleýän müşderilere şpon bilen bezelişiň dört görnüşi we 13 deri görnüşi hödürlenýär. Rolls-Royce kompaniýasynyň wekilleriniň pikirine görä, şeýle giň saýlama satyn alyjylara küşt tagtasynyň dizaýnyny öýüniň içki bezelişine uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bellemeli ýeri, Rolls-Royce kompaniýasynyň esasy bäsdeşi - Bentley kompaniýasy — geçen ýylyň güýzünde öý mebelleri we aksessuarlary üçin öz ýöriteleşdirilen dükanyny açdy.