Chery kompaniýasy Himla modeli bilen pikap ulaglarynyň bazaryna çykýar
26 Aprel 2025
Chery kompaniýasy Himla modeli bilen pikap ulaglarynyň bazaryna çykýar

Şanhaý awtoulag sergisinde Chery kompaniýasy özüniň ilkinji Himla pikap ulagynyň tapgyrdan öňki görnüşi bilen tanyşdyrdy. Bu täze model geçen ýylky konsepti doly diýen ýaly gaýtalaýar. Täzelik Fulwin A9 ýokary derejeli sedany we öňdebaryjy krossower bolan Tiggo 9L bilen birlikde görkezildi – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Chery kompaniýasynyň pikap segmentine çykmak karary bu awtomobil synpy üçin «altyn eýýamyň» başlanmagy bilen baglanyşykly düşündirilýär. IHS seljerme agentliginiň çaklamalaryna görä, dünýäde pikap ulaglarynyň satuwlary 2025-nji ýylda 5,67 million birlige ýeter we 2030-njy ýyla çenli ol 6,3 million san çäginden geçer.

Iki hatarly kabinaly täze Himla ölçegleri boýunça Ford Ranger bilen deňeşdirilip bilner. Onuň daşky keşbiniň tapawutly aýratynlyklary köp derejeli optikanyň, uly göwrümli bamperleriň, ýolsuz ýerden geçýän tigirleriniň we ýük bölümindäki häsiýetli polat aýlawyň bolmagydyr.

Pikap ulagynyň tehniki häsiýetnamalary heniz gizlinlikde saklanýar. Chery kompaniýasynyň wekilleri awtomobil üçin bildirilýän talaplaryň dürli sebitler, şol sanda Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Latyn Amerikasy ýurtlary üçin uýgunlaşdyryljakdygyny habar berdiler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»