2024-nji ýylyň netijelerine görä, Russiýada ýük daşamalary üçin sargytlaryň sany birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6% artdy. Şeýle hem 2023-nji ýylda içerki ýük daşamalara bolan isleg bir ýarym esse artypdy — diýip, ATI.SU ýük daşama platformasynyň bilermenleri habar berýär.
2024-nji ýylyň netijelerine görä, içerki nyrhlar 2023-nji ýylda 27.9% ýokarlandan soň, bu görkeziji 8.2% pese düşdi. Geçen ýylyň ikinji ýarymynda haýallamanyň bolanlygy sebäpli bazaryň şeýle ösüş depgini Russiýanyň ykdysadyýetindäki umumy meýilleri görkezýär — diýip, ATI.SU neşiriniň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Swýatoslaw Wilde belleýär.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylda daşarky ugurlarda eksport hem-de import boýunça işjeň ösüşleriň bolandygy bellendi. Russiýadan daşary ýurtlara ýük daşamalara bolan sargytlaryň sany 45% artdy. Aýratyn hem, Belarus we Gazagystan ugurlary boýunça isleg degişlilikde 67% we 44% ösdi. ATI.SU neşiri şeýle hem Eýrana ýük daşamalara bolan islegiň iki esse, Germaniýa bolsa üç esse artandygyny belleýär. Iň köp azalyş Türkiýä ýük daşamalarda – 32% bolup, bu köplenç hasaplaşyk kynçylyklary bilen baglanyşyklydyr.
Importa ýük daşamalary segmentinde geçen ýyl sargytlaryň 36% artmagy bellendi. Şonuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň netijelerine görä, bahalar 41% ýokarlandy. Hytaý we Azerbaýjan boýunça islegiň üç esse artmagy hasaba alyndy, Gazagystandan gelen sargytlaryň sany bolsa 122% artdy. Türkiýeden ýük daşamalary 5% azaldy, sargytlaryň mukdaryndaky iň güýçli azalma bolsa 29% bilen Ermenistana düşdi.
Bir ýylyň dowamynda - 2023-nji ýylyň dekabryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli - bazardaky nyrhyň depginini görkezýän umumy ATI.SU FTL RF indeksi 6% azaldy. Nyrhyň esasy pese gaçmasy 2024-nji ýylyň II we IV çärýeklerinde boldy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»